Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>«Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>«Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

view-icon 12620
I. 2010-njy ýylyň 12-nji martynda kabul edilen «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2010 ý., № 1, 15-nji madda; 2011 ý., № 4, 80-nji madda; 2016 ý., № 4, 165-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

1. 1-nji maddada «dolandyryş hukuk tertibiniň» we «döwlet dolandyryş edarasy» diýen sözleri degişlilikde «administratiw hukuk» we «ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasy» diýen sözlere çalşyrmaly;

2. 3-nji maddada:

birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň düzümine merkezi edarasy, onuň ýanyndaky Okuw merkezi, welaýat we welaýat hukukly şäher gümrükhanalary, olaryň gümrük postlary (mundan beýläk – gümrük edaralary) girýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň düzümine hojalyk hasaplaşygyndaky edaralary we beýleki edaralary hem girýär.»;

altynjy bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«6. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň umumy sany hem-de onuň Merkezi edarasynyň gurluşy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.».

3. 11-nji maddada «operatiw-agtaryş» diýen sözi «dessin-agtaryş» diýen söze çalşyrmaly.

4. 15-nji maddada:

11-nji bentde «edaralarynyň» diýen sözi «gullugynyň» diýen söze çalşyrmaly;

13-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«13) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük edaralarynyň edýän tölegli döwlet hyzmatlarynyň görnüşlerini, olar üçin alynýan tölegleriň möçberlerini belleýär we şeýle hyzmatlar üçin alynýan pul serişdeleriniň gümrük gullugynyň býujetden daşary serişdeler üçin hasabyna öz wagtynda tölenilişine gözegçiligi amala aşyrýar;»;

13-nji bentden soň şu mazmunly bentleri goşmaly:

«131) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük dellalynyň (wekiliň) we paçsyz söwda dükanynyň işini amala aşyrýar;

132) gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmene dalaşgärleri okadýar we olara başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berýär, şeýle hem gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmenleri gaýtadan okadýar we olaryň hünär synagyny geçirýär;

133) gümrük gullugynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary guraýar hem-de olaryň hünär synaglaryny geçirýär;».

5. 16-njy maddanyň 15-nji bendinde «dolandyryş iş önümçiligini ýöretmäge hem-de dolandyryş» diýen sözleri «administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça önümçiligiň tertibini ýöretmäge we ony alyp barmaga hem-de administratiw » diýen sözlere çalşyrmaly.

6. 27-nji maddanyň dördünji böleginde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly.

7. 32-nji maddanyň ikinji böleginde «Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary, ministrlikler we beýleki dolandyryş» diýen sözleri «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ministrlikler we beýleki ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi» diýen sözlere çalşyrmaly.

8. 36-njy maddada «dolandyryş» diýen sözi «administratiw» diýen söze çalşyrmaly. II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.


Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 3-nji iýuny.